744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.03.2026
Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy

Şu günler Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär.

Häzirki wagtda, saýlaw kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň dowamynda milli parlamentiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler.

Saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, hünär we guramaçylyk ukyplary, saýlawlardaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky maksatnamalaryň wezipelerini anyk beýan edip, dalaşgärler saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna jogap berýärler. Dalaşgärler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda öz bilimlerini, ukyplaryny, tejribelerini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.

Ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Saýlawlara taýýarlyk işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawçylaryň hukuklary, saýlawlara taýýarlyk işleri barada ýörite gepleşikler ýaýlyma berilýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýörite saýtynda saýlawlar bilen bagly täze maglumatlar ýerleşdirilýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi