744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.03.2026
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň Maksatnamasyna laýyklykda nebitgaz pudagynda iri taslamalar durmuşa geçiriler

13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we Maksatnamada 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Bu möhüm resminamada şu ýyl Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, pudaklara döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bellenilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy baýram ediljek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we ykdysadyýetimiziň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmek maksat edinilýär.

Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda geçirilmeli işleriň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň "Arkadagyň ak ýoly" ady bilen tanalýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de «Galkynyş» gaz käniniň birinji tapgyryna degişli ulanyş guýularynyň gazuw-buraw işleri meýilleşdirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň çäginde nebitiň we gazyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak hem-de gorlaryny artdyrmak maksady bilen çuň gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri göz öňünde tutulýar.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41 million 166 müň manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek maksat edinilýär. Olardan döwlete degişli böleginiň paýy 57,4 göterime, döwlete dahylsyz böleginiň paýy 32 göterime, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 10,6 göterime deň bolar.

Maksatnamanyň çäklerinde 2026-njy ýylda sebitler boýunça meýilleşdirilýän düýpli maýa goýumlaryň bölünişi barada aýdylanda, ol Aşgabat şäheri boýunça 21,3 göterime, Arkadag şäheri boýunça 6,9 göterime, Ahal welaýaty boýunça 9 göterime, Balkan welaýaty boýunça 26,1 göterime deň bolar. Maýa goýumlaryň 6,6 göterimi Daşoguz welaýatyna, 11,1 göterimi Lebap welaýatyna, 19 göterimi Mary welaýatyna gönükdiriler.

2026-njy ýyl üçin niýetlenilen Maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ykdysadyýeti toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini üpjün etmek arkaly 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini azyndan 6,3 göterim derejede saklamak meýilleşdirilýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti