744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.03.2026
Balkanly telekeçiler nebit önümlerinden ýokary hilli harytlary öndürýärler

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri polietilenden, polipropilenden we tehnologik goşundyly serişdelerden ýokary göterijilikli plastik poddonlary öndürmekde işjeňlik görkezýärler. Bu önümçiligiň ýurdumyzda ýeke-täkdigi aýratyn bellärliklidir.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ilki her ýylda 240 müň sany poddon öndürmegiň hötdesinden geldiler. Soňra müşderileriň bu önüme bolan islegleriniň artmagy netijesinde kärhanada 2-nji ulgamyň gurulmagy ýylda 480 müň sany poddon öndürmäge mümkinçilik berdi. Poddonlar bazarlarda dürli önümleri saklamakda, daşamakda, ýerlemekde örän ähmiýetlidir. Onuň aýratynlygy müşderiler üçin juda amatlylygyndadyr. Bu ýerde, esasan-da, müşderileriň islegdir teklipleri göz öňünde tutulyp, dürli aýratynlyklardaky, ýokary oňaýlykly plastik poddonlar öndürilýär. Şonuň üçin döwrebap önümlere isleg günsaýyn artýar. Häzirki wagtda buýurmalar esasynda işleýän hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri her bir sargydy öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Hünärmenler etrabyň Gyýanly şäherçesinde gurlup ulanmaga berlen polietilen hem-de polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmalary esasynda ýokary depginde gaýratly zähmet çekýärler.

Hojalyk jemgyýetinde polipropilenden suw arassalaýjy katrij süzgüçlerini öndürmäge hem girişildi. Bu ýokary hilli süzgüçler dürli görnüşli suw arassalaýjy ulgamlarda ulanylýar. Olar, esasan-da, Türkmenbaşy şäheriniň deňiz suwuny süýjediji desgalarynda giňden peýdalanylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümler, süzgüçleriň dürli dykyzlyklarda süzüjiligi mikron bilen kesgitlenilýär.

Häzirki döwürde diňe bir poddon we döwrebap süzgüçleri öndürmek bilen çäklenilmän, olaryň täze görnüşlerini oýlap tapmak ugrunda hem iş alnyp barylýar.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti