744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.03.2026
35 çapyksuwaryň «Amul — Hazar» atly ýörişi bolar

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan ahalteke atlaryna atlanan 35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul — Hazar» atly ýörişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu şanly senä gabatlanyp, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň gözel künjeklerine atly syýahatlar guralar.

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýyl daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çärelere gatnaşmagy hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda dünýäniň iň abraýly atly sport ýaryşlarynyň biri bolan «Dubai World Cup 2026» atçylyk bäsleşigi (Dubaý, BAE); meşhur «Royal Windsor Horse Show 2026» atçylyk çäreleri (Windzor, Beýik Britaniýa); Halkara atçylyk sporty federasiýasy tarapyndan geçirilýän «FEI World Championship 2026» çempionaty (Aahen, Germaniýa); ýaş türgenleriň arasynda «FEI Jumping Nations Cup Youth» konkur bäsleşigi (Niderlandlar Patyşalygy); dünýä belli «Prix de l’Arc de Triomphe Longchamp» bäsleşigi (Pariž, Fransiýa), meşhur «Fieracavalli 2026» atçylyk festiwaly (Werona, Italiýa), Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak atçylyk ýaryşlary bar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlara saparlary hem meýilleşdirilýär. 4-nji martda bu topar Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurda saparynyň çäklerinde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Hytaýda «Galkynyş» toparynyň çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulandyr. Türkmen atlylarynyň çapyp barýan atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly akrobatik hereketleri, özüne çekiji çykyşlary, behişdi bedewleriň gözelligi we ajaýyplygy dostlukly ýurtlardaky tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ahalteke atlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere, gözellik sergilerine gatnaşdyrylmagy hem göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda Özbegistanda geçiriljek «Gündogaryň merjeni» atly sport bäsleşikleri, Wengriýada boljak «Kurultaý» atly halkara baýramçylyk çäreleri, Niderlandlarda guraljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi bar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl başga-da köp sanly möhüm wakalara baý bolar. Şolaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat, soňky 10 ýylyň dowamynda gözellik bäsleşiklerinde çempion bolan naýbaşy bedewleriň gatnaşdyrylmagynda guraljak «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi hem bar. Şeýle-de ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan forumy geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýylyň dowamynda Aşgabat şäherindäki, welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklary bolar. Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, ugurdaş sergiler, döredijilik bäsleşigi geçiriler. Şeýle hem ýaş we uly ýaşly türgenleriň arasynda konkur boýunça halkara ýaryş, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, çapyksuwarlaryň görkezme çykyşlary, atlaryň gözellik bäsleşigi we başga-da köp sanly çäreler guralar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi