744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.03.2026
"Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy" tassyklandy

“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi