Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda emeli aňyň we döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, şeýle hem maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Şu nukdaýnazardan, 5-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda «Milli emeli aň strategiýasy: Durnukly ösüş üçin bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak» atly okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan guralan bu çärä döwlet edaralarynyň wekilleri, hünärmenler we halkara bilermenler gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda emeli aňy ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmagyň hukuk binýadyny döretmek we halkara tejribesini ulanmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron hökümeti, sanly lukmançylygy we maliýe tehnologiýalaryny kämilleşdirmegiň ýollaryna garaldy.
Çäräniň çäklerinde Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy halkara bilermenleri — Tristan Post, Andreas Pawelke we Aýşan Gurbanaliýewa dagylar çykyş edip, emeli aňyň strategik ugurlary boýunça öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar Türkmenistanyň hünärmenleri bilen bilelikde geljekde amala aşyryljak taslamalaryň we özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini seljerdiler.
6-njy marta çenli dowam etjek bu okuw maslahaty, ýurdumyzda sanly innowasiýalary ornaşdyrmakda we halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolar.