Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda geleşikleriň ençemesi hasaba alyndy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň nebit önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikler hem bar.
Hususan-da, geçen hepdedäki birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “SN-180”, “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Owganystanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Serbiýanyň işewürleri geleşikleri baglaşdylar. Şunda buýan köküniň goýy ekstrakty, suwuklandyrylan gaz, portlandsement, gazbeton bloklary satyn alyndy. Nah ýüplük we birinji hilli bugdaý uny içerki hem daşarky bazarlarda ýerlenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy