Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 7-nji martda şu ýylyň iki aýynda bu pudakda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan haasabat ýygnagy geçirildi. Onuň barşynda 6-njy martda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna, öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli güýçlendirmek, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr.
Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak we beýleki wajyp ugurlar barada söhbet edildi. Geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işlerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, toplumy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar, olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada-da giňişleýin durlup geçildi. Şunda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, toplumyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek bilen bagly wajyp wezipeler hakynda aýratyn nygtaldy.
Çeşme: "Ussat news" elektron gazeti