Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji martda Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygy, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Şeýle-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine degişli şekil taslamalary synlady. Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Gahryman Arkadagymyz 15-nji martdan 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip kesgitlenendigini belläp, hormatly ýaşulularyň, dili senaly enelerimiziň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň seýilgähiniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz olara örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.