744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.03.2026
Gazçy zenanlaryň arasynda şaşka boýunça ýaryş geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň guramagynda bu müdirligiň diwanynda, awtoulag meýdançasynda, gulluklarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Birnäçe günläp dowam eden ýaryşyň jemleýji oýunlary Balkanabat şäherinde geçirildi.

Bäsleşikde «Balkanabatşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň II derejeli tehnigi Çynar Hajyýewa 1-nji, şol gaz hojalyk edarasynyň içerki öýler gullugynyň slesary Gurbansoltan Sadyýewa 2-nji, önümçilik-tehniki bölüminiň I derejeli inženeri Gözel Rahymowa 3-nji orna mynasyp boldy.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti