744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.03.2026
Köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine ýaşaýyş jaýlary berildi

Halkara zenanlar güni Balkan welaýatynda hem uludan toýlanyldy. Baýramçylyk mynasybetli guralan dabaralar şatlyk-şowhuna hem-de ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdirýän eneleriň ýürek buýsanjy bu baýramçylygyň bagtyýarlyk owazyna owaz goşdy. Balkan welaýatynda hem olaryň birnäçesine welaýatyň Bereket etrabynyň çäginde täze gurlan Galkynyş şäherçesinden döwrebap öýleriň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýerde geçirilen baýramçylyk dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welayatyň nebitçileridir gazçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem uly orun berildi. Ýerine ýetirilen döwrebap aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň, eşretli durmuşymyzyň, tebigatymyzyň gözelligi, zenanlarymyzyň owadanlygy, mähremligi buýsanç bilen taryplandy. Tans, halk döredijilik toparlarynyň şowly çykyşlary-da dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda soňra “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan balkanly zenanlaryň birnäçesine welaýatyň häkimi we il sylagly ýaşulular tarapyndan hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

— Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ma­ňa-da Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi bolmak bagty nesip etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýy bilen sylaglanmagym, elbetde, meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri bolar. 4 gyzymyz, 4 oglumyz bar. Men olaryň edep-terbiýeli bolmagy ugrunda ýanýoldaşym Nury bilen gije-gündiz alada edýärin. Olar öý-hojalyk işlerimde-de iň ýakyn kömekçilerim. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda operator bolup zähmet çekýän ýanýoldaşym Nury hem çagalarymyzyň terbiýeli bolmagynda, olara zähmet terbiýesini bermekde özüniň yhlasyny gaýgyranok. Meniň çagalarymyň 5-si okuwçy, Altyn we Kümüş — ekizje gyzlarym çagalar bagyna gatnaýar, sekizinji perzendim — oglum Remezan bolsa ýaňy bir ýaşady. Ol biziň göz guwanjymyz.

Perzentlerimiziň halkymyza gerekli, Watana wepaly ogul-gyzlar, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin yhlasymyzy, zähmetimizi gaýgyrmarys, — diýip, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türkmenbaşy şähe­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Dinara Ýegenmämmedowa aýdýar.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti