744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.03.2026
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde aýdym-sazly dabara boldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Enedir dünýäniň mähir baýlygy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilelikde gurady.

Baýramçylyk çäresine il sylagly, kümüş saçly eneler, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Medeni-işewürlik merkeziniň, Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň wäşileriniň çykyşlaryna tomaşa edildi. Enelere, zähmetde tapawutlanýan gelin-gyzlara sowgatlaryň gowşurylmagy aýratyn ýakymly pursatlara beslendi.

Köpçülikleýin medeni we jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýan edara-kärhanalaryň gelin-gyzlary gutlaglar bilen çykyş etdiler.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti