Türkmenistanda benzin öndürmek boýunça ösüş depgini yzygiderli artýar. Şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 122,7 göterim berjaý edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu önümçilikde ýokary ösüş depgininiň üpjün edilmeginde nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda hem-de Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda alnyp barylýan işleriň netijeliligine uly ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şular ýaly netijeli işler ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň depginli ösüşlerini hem şertlendirýär.
Şeýle-de şu ýylyň ilkinji iki aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň berjaý edilişi 107,1 göterime deň boldy. Dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim ýerine ýetirildi. Bular barada ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatynda jikme-jik maglumatlar beýan edildi.
Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.