744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.03.2026
Türkmenistnyň we Gruziýanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 10-njy martda geçirilen söwdalaşyklarynda ýurdumyzyň nebit önümlerine içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem isleg bildirildi.

Hususan-da, daşarky bazarda Gruziýanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda bolsa ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny we Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 6 179 750,00 manada we 66 720,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy