Ýurdumyzyň nebit önümlerine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 11-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni satyn aldylar. Olar “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy we Dokma senagaty ministrliginden nah çig matany satyn almak barada hem geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda umumy bahasy 31 775 000,00 manada we 5 135 941,40 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.