744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.03.2026
Hormatly Prezidentimiz Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Portugaliýanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi