Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde has berkitmek maksady bilen Goturdepe käninde göçme okuw sapagy guraldy. Mugallymlardyr talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen göçme okuw sapagy netijeli häsiýete eýe bolup, gyzykly pursatlara beslendi.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplar Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan guýulary düýpli abatlaýyş desgasynyň №1425-nji guýuda abatlaýyş işlerini geçirişini ýakyndan öwrendiler. Şeýle hem olar Goturdepe käninde nebiti ýygnaýjy desgany synlap, çykarylan nebiti ýitgisiz ýygnamak işinde ulanylýan tilsimatlar bilen içgin tanyşdylar. Soňra gazlift usulynda işleýän, bir gije-gündizde 38 tonna nebit önümini çykarýan №415-nji nebitli guýynyň işleýiş düzgüni ýerinde öwrenildi.
Goturdepe nebit-gazly kän bolup, ol ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çäginde, Günbatar türkmen çöketliginiň demirgazygynda, Barsagelmez we Çeleken ýataklarynyň arasynda ýerleşýär.