744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.04.2026
Geçen hepde nebitgaz senagatynyň önümleri has köp islege eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda geleşikleriň jemi 26-sy hasaba alyndy. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn almaklyga degişli. Şunda nebitgaz senagatynyň önümlerine içerki bazarda-da, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilendigini bellemek gerek.

Hususan-da, daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle-de Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, buýan köküniň ekstrakty, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary ýerlenildi.

Içerki bazarda bolsa ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen binýatlyk ýagyny, polipropileni, tehniki kükürdi (“Türkmengaz” döwlet konserni), şeýle-de bugdaý ununy, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulygyny, nah matany, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti