Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 9-njy aprelde geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine daşarky bazarda has köp isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180”, “SN-350”, “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn aldylar. Şeýle-de olar ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy we pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny (ÇÝT) satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewürleri bolsa “SN-180”, “SN-350” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada “Türkmennebit” döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşdylar. Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.
Birža söwdalarynda içerki bazarda hem nebit önümleri isleglere eýe boldy. Has takygy, içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we tip I-Soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 30 million 714 müň manada we 3 million 97 müň amerikan dollaryna deň bolan 20 geleşik baglaşyldy.