744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.04.2026
«Galkynyş» känindäki täze taslama sebit ähmiýetli bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we täze guýularyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetika gatnaşyklarynyň gerimine ýokary baha berdi. Milli Liderimiz Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky bu hyzmatdaşlygyň diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýändigini aýratyn nygtady.

Sebit ähmiýetli bu hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan ösmegine we energetika howpsuzlygynyň berkemegine hyzmat edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna nebitgaz pudagynda özüniň strategik we esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar.

Dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyşyň» senagat taýdan özleşdirilmegi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini täze derejä çykarýar. Bu taslama döwletimiziň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde we sebitde durnukly ykdysady binýady döretmekde uly ähmiýete eýedir.