744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
09.02.2024
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň nyşany bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýlip, resmi metbugatda çap edilen maglumatda aýdylýar.

“Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek guwandyryjydyr we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiz, uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýlip, hatda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.