744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.02.2024
GEOFIZIKLERIŇ IŞLERI ILERI

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça
önümçilik tehnologik gullugynyň
hünärmenleridir işçileri «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa»
döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynyň buýurmalary esasynda
nebitgaz ýataklaryndaky guýularda
geofiziki işleri alyp barýarlar.

Döwletimiz tarapyndan yzygiderli alnyp berilýän täze tehnologiýaly
geofiziki enjamlar, ýöriteleşdirilen
awtoulaglar, geofiziki kabeller kärhananyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, guýularyň
tehniki ýagdaýyna, geologiýasyna gözegçilik etmek işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

2023-nji ýylyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý eden
geofizikler «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda buýrujy edaralardan gelen sargytlar esasynda
nebitgaz guýularynda geofiziki işleri
geçirýärler.

Kärhananyň geofizikleri döwletimiziň dürli künjeklerindäki nebitgaz känlerindäki guýularda geofiziki barlaglary alyp barýarlar. Onda
toplumlaýyn karotaž partiýalarynyň
sekizisi bolup, şolaryň üçüsi burawlanýan guýularda, bäşisi bolsa önüm
berýän guýularda geofiziki barlag
we atyş-partlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler. Bu ýerde geologiýa tehnologiýa gözlegler toparlarynyň hem
sekizisi hereket edýär.

Geçen ýylda kärhana täze tehnologiýaly geofiziki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen
«KAMAZ» awtoulaglarynyň ikisiniň, geofiziki kabelleriň gelip gowşandygyny aýtmak gerek. Munuň
özi kärhananyň işgärlerine önümçiligi giňeltmäge hem-de ýerine ýetirilýän geofiziki işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmaga ýardam berdi.


2023-nji ýylda kärhananyň hünärmenleri, işçileri «Türkmengaz»,
«Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet
korporasiýasynyň iş buýrujy kärhanalary bilen baglaşylan şertnamalar
esasynda olaryň nebitgaz guýularynda degişli geofiziki işleri ýerine ýetirdiler.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada nebitgaz ýataklaryndaky guýularda geçirilen geofiziki hem-de
atyş-partlaýyş işleri özüniň ýokary
netijesini berdi. Nebitgaz bermesini
azaldan şol guýularyň önüm berijiligi ýokarlandy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini
eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki
238-nji belgili we beýleki ulanyş
guýularynda geofizikler tarapyndan
geçirilen atyş-partlaýyş işleri hem
netijeli häsiýete eýe boldy.

— Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň
esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynda önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy, dünýä ölçegleriniň derejesine çykarylmagy üçin pudagyň
edara-kärhanalarynyň hünärmenleriniň, işçileriniň hünäriniň birsyhly kämilleşdirilmegi, olaryň kämil
tehnologiýaly enjamlardan oňat baş
çykaryp bilmekleri barada möhüm
wezipäni öňde goýýar.

Elbetde, her bir edara-kärhanada ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligi köp babatda hünärmenleriň,
işçileriň hünär ussatlygyna, ylmy
gözýetimlerine, ukyp-başarnygyna
bagly bolup durýar. Biziň kärhanamyzda-da köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip, baý iş tejribesini toplap, hünär ussatlygyna
eýe bolan hünärmenleriň, işçileriň
bir topary zähmet çekýär. Kärhanamyzyň ýigrimi ýedinji toplumlaýyn karotaž partiýasynyň başlygy
Nurgeldi Atadurdyýewiň, maşinist
Döwlet Baýramgylyjowyň, ýigrimi
sekizinji toplumlaýyn karotaž partiýasynyň başlygy Merdan Şallyýewiň, maşinist Parahat Hallyýewiň,
interpretasiýa toparynyň esasy geofizigi Tirkiş Ataýewiň önümçilikdäki göreldeli işleri munuň aýdyň
mysalydyr. Döredijilikli, agzybir işleýän zähmet toparymyzda hemişe
ýokary netijeli işleriň ýerine ýetirilmeginde şu halypalaryň mynasyp paýy bar — diýip, Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki
gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň başlygy Nurgeldi
Ataýew gürrüň berýär.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti