Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, ilçi Jon Pommerşaým bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
“Duşuşykda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylyň jemi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän netijeli bolandygyny bellediler” diýlip saýtda aýdylýar.
Duşuşykda söhbetdeşler taraplary gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmak üçin türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň işine oňyn baha berdiler. Diplomatlar 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň guramaçylyk taraplary barada pikir alyşdylar.
Şeýl hem türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň C5 + 1 sekretariaty boýunça utgaşdyryjysy hanym Keýtlin Setola bilen duşuşdy. Olar ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebiti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň bu formatdaky işjeňligine ýokary baha berdiler.
Söhbetdeşler gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we pikirleri öwrenmäge mümkinçilik berýän howpsuzlyk, ykdysadyýet, energiýa we daşky gurşaw boýunça C5+1 dialogynyň iş toparlarynyň işiniň netijeliligini bellediler.