744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
17.02.2024
Nebitgaz toplumynda ýylyň jemlerine garaldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýen şygar astynda geçen 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini, şonuň netijesinde bolsa tutanýerli, yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygyny aýratyn belledi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Merdan Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, gyş paslynda önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamak, ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjünçiligini yzygiderli kämilleşdirmek, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, iri daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, hünärmenleriň ýerlerde bolup, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň, şeýle hem 2024-nji ýylda bellenen meýilnamalaýyn işleri guramaçylykly ýola goýmagyň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlary nygtap, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitlemek bilen, möhüm teklipleri öňe sürdi.

Wise-premýer Batyr Amanow pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.