744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
17.02.2024
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda işiniň netijelerine garaldy

16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, mawy ýangyjy eksport etmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,1 göterime deň boldy. 

Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim berjaý edildi.

Wise-premýer geçen aýda benzinleri öndürmegiň meýilnamasynyň 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 103,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 114,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.