2024-nji ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.
Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard 545 million manat boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, Prezident belledi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr. Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberde ýerine ýetirmek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.