Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, ýanwar aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri, hususan-da, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, köp görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmek, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işlerini sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny peýdalanmak arkaly ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak, alnyp barylýan iri taslamalary berk gözegçilikde saklamak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Batyr Amanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça berýän tabşyryklarynyň derwaýyslygyna ünsi çekip, pudaklaryň düzüm birlikleriniň önümçilik we ykdysady görkezijileriniň gowulandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.