744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
21.02.2024
Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, ilkinji partiýa guramasynyň, şeýle hem zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli utgaşykly çäre geçirildi. Oňa toplumyň edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiri, institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri, TDP-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy Mekan Garowow, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň bölüm başlygy, institutyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Hatyja Çopanowa we Patent barlaglar sektorynyň inženeri Güljan Daňatarowa dagy çykyş etdi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, çuňňur many-mazmuny we ýokary ähmiýeti, pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny guramaçylykly bellemek, onuň ömri we döredijiligini giňden wagyz etmek, halkara derejesinde şöhlelendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin bellenildi.