21-nji fewralda Ýaponiýada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Bu ugurda, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary barada pikir alyşmak bilen, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda giň gerimli we uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nazara alyp, geljegi uly taslamalar boýunça işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler.
Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ünsi çekdiler. Bu babatda, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagynyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.
Gepleşigiň dowamynda Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitabynyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary we oňyn baha berilýändigi barada aýratyn belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ol hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtady we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna berýän ünsleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.