744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.02.2024
ÝUNISEF Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna sertifikat gowşurdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow gaznanyň soňky alyp baran işleriniň netijeleri we aýratyn goldawa mätäç çagalara lukmançylyk kömeginiň berlişi barada hasabat berdi. Maslahatyň barşynda lukman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Aşgabatdan hem-de ýurduň welaýatlaryndan kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça alnyp barylmaly işleriň iş meýilnamasyny tassyklady. Şeýle hem iş maslahatynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny berkitmäge goşant goşandygy üçin degişli sertifikat bilen sylaglanandygy barada aýdyldy.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»