«Bitdear Technologies Group» tehnologiýa kompaniýasynyň wekili Aşgabatda geçirilen Maýa goýum forumynda Türkmenistanyň energetika serişdelerini tapgyrlaýyn sanly gymmatlyga öwürmegi göz öňünde tutýan maýning maglumat merkezinden emeli aň üçin maglumatlary gaýtadan işleýän merkeze çenli ýoly öz içine alýan taslamany hödürledi. Onuň sözlerine görä, bu kompaniýanyň ýurdumyza dördünji sapary bolup, ol Türkmenistanda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan taslama bilen baglylykda iki ýurduň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilen döwründe geçdi.
Çykyş edijiniň sözlerine görä, «Bitdear Technologies Group» Singapurda ýerleşýän, emeli aň we bitkoin maýningi üçin infrastruktura pudagyndaky tehnologiýa kompaniýasy bolup, onuň paýnamalary ABŞ-nyň Nasdaq biržasynda söwdalanylýar. Kompaniýa özüniň ASIC çiplerini taslaýar, maýning enjamlaryny öndürýär, maglumat merkezlerini taslaýar, gurýar we ulanýar. Bitfury-niň energetika portfeli dört yklymda takmynan 3 GWt-a barabardyr. Soňky wagtlarda kompaniýa hereket edýän meýdançalary GPU esasyndaky infrastruktura üçin täzeden enjamlaşdyryp, müşderilerine emeli aň üçin kuwwatlyklary hem hödürleýär.
Birinji tapgyrda çekilen maýa hasabyna doly maliýeleşdirilýän maýning maglumat merkezi döredilýär. Ikinji tapgyrda başga maksada öwrülip bilinýän desga gurulýar: maýningden gelýän pul akymy tora birikdirmegiň, ätiýaçlandyrmanyň we üzňüksiz işlemegiň ülňüleriniň çykdajylaryny ýapýar. Üçünji tapgyrda desga döwrebaplaşdyrylyp, emeli aň üçin maglumat merkezine öwrülýär – bu noldan gurluşyk däl-de, eýýäm girdeji getirýän aktiwiň tapgyrlaýyn täzelenmegi bolup durýar.
«Bitdear Technologies Group» tehnologiýa kompaniýasynyň wekili elektrik torlary meselesine aýratyn ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, maýning ýüklemesi tor üçin gural bolup durýar: artykmaç ýüklenme barada signal gelende, ol birnäçe sekundyň dowamynda sarp edilişi azaldyp biler, iş düzgüninde bolsa gije-gündiz kuwwatyň takmynan 99 göterimini ulanýar. Kompaniýanyň wekiliniň bellemegine görä, Türkmenistan üçin taslama göni daşary ýurt maýa goýumlaryny, her 100 MWt-a takmynan 30 ýokary hünärli iş ýerini, podstansiýalaryň we elektrik geçiriji ulgamlaryň milli eýeçilikde saklanmagyny aňladýar.
Kompaniýa synag taslamasyndan başlamagy maksat edinýär: birinji meýdança ygtyýarnama alýar, sazlaýjy edaralar bilen bilelikde bolsa düzgünleriň amaly ulanylyşy anyklaşdyrylýar. Soňra elektrik energiýasy boýunça uzak möhletli ylalaşyk esasynda kuwwatlyklary 100 MWt-dan ýokary giňeltmek, ondan soň bolsa işi diwersifikasiýalaşdyrmak – saýlanan meýdançalary eýýäm taýýarlanan ýerli işgärler bilen ýokary öndürijilikli hasaplamalara we emeli aňa geçirmek meýilleşdirilýär.