744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde eden çykyşynda halkara howpsuzlygy, ulag, sanlylaşdyrmak, ekologiýa we ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe täze başlangyçlary hem-de teklipleri öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutany halkara durnuklylygy berkitmek maksady bilen, 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly», 2027–2037-nji ýyllary bolsa BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamaga çagyrdy. Şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has işjeň ulanmagyň möhümdigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady baglanyşyklary ösdürmegiň çäklerinde Merkezi we Günorta Aziýany Hazar deňzi arkaly Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan yklymara ulag ugurlaryny döretmek, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny taýýarlamak, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle hem Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ýola goýmagy teklip etdi.

Çykyşda sanly hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekilip, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmagyň ýörelgelerini kesgitleýän Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy beýan edildi. Ekologiýa gün tertibinde bolsa howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygy utgaşdyrjak köptaraplaýyn «Aşgabat howa dialogyny» döretmek teklip edildi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaşlar diplomatiýasyny giňeltmegiň, akademiki alyşmalary ösdürmegiň hem-de parahatçylyk, özara hormat goýmak we medeniýetara dialog gymmatlyklaryny wagyz etjek «Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny» döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde Geňeşiň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary ilerletmäge mundan beýläk-de işjeň goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy.