744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.11.2026

COP31-iň çäginde Türkmenistanyň Pawilýonynda geçirilen tematiki mejlisde gatnaşyjylar Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary sebit merkeziniň kömegi bilen metan zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem parnik gazlarynyň zyňyndylary baradaky maglumatlary jemleýän ilkinji Iki ýyllyk düşündirişlilik hasabatyny (BTR) taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa çykyş etdi.

Ara alnyp maslahatlaşmagyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ilkinji Iki ýyllyk düşündirişlilik hasabaty parnik gazlarynyň zyňyndylary baradaky maglumatlary jemleýär we Milli derejede kesgitlenen goşantlara (NDC) ýetmekde gazanylan ösüşi yzarlaýar. Gatnaşyjylar netijeli monitoringiň energetika, oba hojalygy we suw hojalygy ugurlarynda köpugurly başarnyklara eýe bolan täze görnüşli hünärmenleri talap edýändigini nygtadylar.

Aşgabatda merkez döretmek başlangyjy barada durup geçip, Maral Kuliýewa onuň suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, dikeldilýän energiýany ösdürmek we metan zyňyndylaryny azaltmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.

Uniwersitetiň rektorynyň sözlerine görä, ýokary okuw mekdepleri ýaşlaryň döwlet we hususy pudaklar üçin zerur bolan maglumatlary ýygnamak, barlamak we seljermek başarnyklaryna eýe bolmagy üçin şertleri döretmelidir.

Mejlisiň gatnaşyjylarynyň arasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de AHGF Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň wekilleri bardy. Mejlis şeýle hem Düşündirişlilik boýunça kuwwaty artdyrmak başlangyjynyň (CBIT) netijelerine bagyşlandy.