«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda göçme okuw sapagy geçirildi. Institutyň tejribeli hünärmenleri nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan wajyp işleriň netijeleri we aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Uniwersitetde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işläp taýýarlaýan taslamalaryny, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ylmy-barlag işlerini önümçilige ornaşdyrmagyň esasy maksatlaryň biridigi nygtalýar. Uniwersitetiň maglumatyna görä, nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary we tehnologiki serişdeleri ornaşdyrmak arkaly önümçilik kuwwatlyklaryny täze derejä çykarmak boýunça işler alnyp barylýar.
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň utgaşmagy nebitgaz pudagynyň uzak möhletli durnuklylygynyň, ykdysadyýetiň kuwwatynyň we ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň kepilidir diýip hasaplaýarlar.