744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.11.2026

13-nji noýabrda Aşgabatdaky Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 31-nji sessiýasy bolan COP31 halkara howa maslahatyna, onuň esasy ugurlaryna we ileri tutulýan wezipelerine bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi.

Bellenilişi ýaly, COP31 maslahatynyň hereketler maksatnamasynda on sany ileri tutulýan ugur kesgitlenildi. Olaryň hatarynda «Galyndysyz dünýä» başlangyjy, deňiz we umman ekoulgamlaryny goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaşyl senagatlaşma we arassa energiýa çeşmelerine geçmek bar.

Gatnaşyjylar 2026–2030-njy ýyllar üçin howa boýunça ählumumy hereketleriniň maksatnamasynyň esasy ugurlaryny, şol sanda energetika, senagat we ulag ulgamlarynda zyňyndylary azaltmagy, ýaşyl maliýeleşdirişi we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyhem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara ekologiýa başlangyçlaryna mynasyp goşant goşýandygy bellenildi.