14-nji noýabrda Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan «Howa boýunça hasabatlylyk we aç-açanlyk: parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy tagallalara Türkmenistanyň goşandy» atly tematiki sessiýany geçirdi. Çäräni Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde gurady.
Sessiýa Türkmenistanyň milli pawilýonynda geçirilip, oňa döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de howanyň üýtgemegi boýunça bilermenler gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, gatnaşyjylara ýurdumyzyň milli howa boýunça hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygynyň düzgünlerine laýyklykda aç-açanlygy üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleri görkezildi.
Milli derejede kesgitlenýän goşandyň (MDKG) durmuşa geçirilmegine, milli habarlaryň we aç-açanlyk boýunça iki ýyllyk hasabatlaryň taýýarlanylmagyna, şeýle hem institusional mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Dördünji milli habarynyň, Aç-açanlyk boýunça birinji iki ýyllyk hasabatynyň we 2035-nji ýyla çenli döwür üçin howa babatdaky milli ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän täzelenen MDKG 3.0 resminamasynyň taýýarlanylyşy barada maglumat berildi.
Tematiki çykyşlaryň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we BMGÖM-niň wekilleri parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek, metan zyňyndylaryny ölçemegiň, olar barada hasabat bermegiň we tassyklamagyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem howa syýasaty babatda edaralararasy hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň BMGÖM we beýleki halkara hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sessiýanyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar milli howa boýunça hasabatlylyk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we howa babatdaky çäreleriň aç-açanlygyny hem-de netijeliligini üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.