25-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň gatnaşyjylaryny birleşdirdi, onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge taýýardygy tassyklandy.
Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplar, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat başlanmanka, gatnaşyjylar uniwersitetiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide täze sanly çözgütler, interaktiw okuw serişdeleri we bilim ulgamyna niýetlenen programma üpjünçilikleri, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän diwarlyklar, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary görkezildi.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanda ýaş nesliň sanly ulgamyň, emeli aňyň we ýokary tehnologiýalaryň döredýän mümkinçiliklerinden mynasyp baş çykarmagy üçin giň gerimli bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Forumyň barşynda ýurtda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň, sanly bilimiň ösüş depginleriniň we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar bilim ulgamynda we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler. Ýurduň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşi üçin uly kadr mümkinçiliginiň bardygy bellenildi.
Soňra maslahat bölümçelerde işini dowam etdi. Şol ýerde ählumumy sanlylaşdyrma şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň, emeli aňyň we kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň gysga döwrüň içinde okgunly tehnologik ösüş gazanandygy bellenildi. Munuň özi ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza netijeli hyzmatdaşlyk üçin döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.