744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji noýabrda geçirilen söwdalarda jemi 6 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 3 million 448 müň manada we 7 million 527 müň 598,19 ABŞ dollaryna deň boldy. Eksport amallarynyň esasy bölegi nebit önümlerini, dokma önümlerini hem-de mineral suwy öz içine aldy.

Daşary bazarda Owganystanyň işewür toparlary «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Şeýle hem Gonkongyň telekeçileri ýerli öndürijilerden «Berzeňňi» bejeriş-naharhana gazlandyrylan mineral suwuny satyn aldylar. Birža söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri hem işjeň çykyş edip, Türkmenistanda öndürilen nah ýüplügini we çig matany daşary bazara çykarmak boýunça şertnamalary baglaşdylar.

Içerki bazarda hem dokma senagatynyň önümlerine isleg ýokary boldy. Ýerli telekeçiler ýarympanama nah çig matany we gabardin çig nah matany satyn almak boýunça geleşikleri baglaşyp, içerki önümçilik zynjyrynyň üznüksiz işlemegine goşant goşdular.

Nobatdaky birža söwdalarynyň jemleri türkmen nebit-himiýa we dokma önümleriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny, şeýle hem ýerli öndürijileriň önümlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan durnukly gyzyklanma bildirilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Şeýle geleşikler eksport ugurlaryny giňeltmek bilen bir hatarda, içerki bazaryň işjeňligini saklamaga we milli önümçiligiň söwda mümkinçiliklerini artdyrmaga hyzmat edýär.