744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
24.04.2024
Garaşsyzlyk bilen galkynan şahyryň täze kitaby neşir edildi

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, medeniýet we sungat bilen meşgullanýan ähli adamlaryň dürli neşirlerde köpçülige ýetirýän eserlerinde galkynyşyň, ruhubelentligiň, ýurdumyza guwanç, buýsanç duýgusynyň güýçlüdigi mese-mälim görünýär. Ýeri gelende ýene-de bir aýratynlygyň aýyl-saýyl öňe çykýandygyny bellemelidir. Türkmenistanda berkarar döwletiň gurulmagy bilen diňe medeniýet, sungat adamlarynyň däl, eýsem, beýleki pudaklaryň işgärleriniň arasynda hem döredijilik işine höwesli girişýäni örän köp. Olar gazet-žurnallarda, teleradioýaýlymlarda ýygy-ýygy çykyş edýärler. Şeýle zehinli awtorlaryň arasynda «Nebit-gaz» gazeti bilen işleşýänleri hem bar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň iş dolandyryş bölüminiň başlygy Rahman Döwletow şolaryň biridir.

Şahyryň döredijiliginiň tematikasy baý we köptaraplaýyndyr, goşgularynyň sadadan çeperligi, akgynlylygy, esasan hem, halkyň durmuşyna örän ýakynlygy okyjyny özüne çekýär. Awtoryň şygyrlarynyň süňňünden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza, Garaşsyz ýurdumyza, gözel ilimize söýgi we buýsanç eriş-argaç bolup geçýär. Ýakynda bolsa Rahman Döwletowyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen täze kitaby okyjylara gowuşdy. «Kalp owazlary» atly dört bölümden ybarat goşgular çemeni tutuşlygyna watansöýüjilik we millilik ruhuna ýugrulan, kitapda asyllylyk, sabyr-kanagatlylyk, halallyk ýaly belent adamçylyk sypatlary çür depä göterilýär. Bu hem şygyrlaryň terbiýeleýjilik ähmiýetini artdyrýar.

Döredijilikde öz ýoluňy tapmak, özbaşdak äheň, biçüw, ýörelge gözlemek kämillige ymtylyşdyr. Şahyryň sadadan halky goşgularynyň ählisi diýen ýaly adamlara mähirli garamagy, birek-birege hormat goýmagy, ata Watanyň her bir nokadyny, her gysym topragyny on iki süňňüň bilen söýmegi ündeýär. Şahyr bu ündewi özboluşly ýol bilen bermegi başarypdyr.

Biz jogapkärli işiniň daşyndan döredijilik dünýäsini ymykly hemra edinen zehinli şahyra geljekde hem üstünlik arzuw edýäris. Goý, onuň adamlaryň biri-birine ýagşylyk etmek, mähir-mylakatly bolmak, ata Watanymyzy il-güni bilen söýmek, perzent terbiýesi, ene-ata borçlulyk we olaryň hatyrasyny hemişe ileri tutmak pikirini baş maksat saýýan goşgularynyň we täze kitabynyň höwri köp bolsun.