744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
24.04.2024
Türkmenistan «Galkynyş» gaz käniniň mümkinçiliklerini artdyrmakçy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew dünýäniň iň uly gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek meýilnamalary barada aýtdy we daşary ýurt maýadarlaryny bu ösüşde hyzmatdaşlyga çagyrdy. Maglumatlar Fransiýanyň paýtagtynda bolup geçýän Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen geçirilýän Halkara maýa goýum forumda (TEIF 2024) berildi. Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyry Hytaýa ýylda 30 milliard kub metr gazyň eksport edilmegini yzygiderli üpjün edýär. Üpjünçiligi 25 milliard kub metr artdyrmak üçin ikinji tapgyrdan peýdalanmak meýilleşdirilýär. Babaýewiň pikirine görä, üçünji tapgyr ýylda 33 milliard kub metr kuwwatlylygy bolan Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçiriji taslamasy üçin çeşme bolar. «Türkmengaz» Beýik Britaniýanyň «Gaffney» we «Cline & Associates» kompaniýalary bilen bilelikde «Galkynyş» käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi üçin geologiki we gidrodinamiki modeli täzeleýändigini aýtdy. Mawy ýangyjyň öndürilişinde we sarp edilişinde möwsümleýin deňsizligi, şeýle hem eksportynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin ýurtda ýerasty gaz saklaýyş desgasynyň gurluşygy üçin tender yglan edildi. “Biz ähli gyzyklanýan taraplar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga açyk. Häzirki forumyň Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýalary bilen halkara maýadarlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täsirli platforma boljakdygyna ynanýaryn» diýip, konserniň ýolbaşçysy forumda aýtdy.