744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna hem-de Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de şu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Beýik Britaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, dostluk, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Hormatly Prezidentimiz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de onuň Şa zenan maşgalasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Beýik Britaniýa amala aşyran iş saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň Alyjenaby bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. Biz daşary ýurtlar bilen dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň, gapma-garşylyklaryň çözülmeginde halkara hukugyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan abraýly guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, dialog medeniýetini ilerletmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürdi we olar giň goldawa eýe boldy. Ýurdumyzyň ählumumy wehimlere garşy göreşmekde, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmekde alyp barýan işlerine ýokary baha berildi.

Ynsanperwer syýasat barada aýdylanda, Türkmenistan tarapyndan halklara ynsanperwer kömekleriň yzygiderli iberilýändigi bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň goldanylandygy üçin hoşallyk beýan edildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda baý tejribesi bolan britan kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Taraplaryň pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak maksadalaýykdyr. Nebitgaz pudagy, oba hojalygy, täze tehnologiýalar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi. Nygtalyşy ýaly, britan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagy goldanylýar.

Howanyň üýtgemegi we onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan wajyp ugurlaryň biri boldy. Häzirki wagtda bu meseleler halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýandygyny we “ýaşyl” ösüş ugrunda anyk işleri amala aşyrýandygyny belledi.

Türkmenistan geçen ýyl Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) dowamynda Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Munuň özi ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýändiginiň ýene-de bir güwäsi boldy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidiginiň zerurdygyna üns çekildi. Britan tarapynyň bilim ulgamynda, hususan-da, bilim maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we iňlis dilini okatmaga ýardam bermek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeron birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.