744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.04.2024
Parižde TEIF 2024 halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady

Şu gün, 25-nji aprelde Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň (TEIF 2024) ikinji – jemleýji güni öz işini tamamlady.

Bu gün iki sany sessiýa geçirildi: “Arassa energiýa we häzirkizaman infrastruktura ulgamynda taslamalary ilerletmekde maliýe institutlarynyň orny” we “Türkmenistana gurluşyk, gazhimiýa, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda täze taslamalara maýa goýumlary çekmek işini tizleşdirmek”.

Birinji sessiýanyň dowamynda arassa energiýany we “ýaşyl geljegi” ilerletmekde halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ornuna garaldy, energetika taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki zaman ýörelgeleri maslahatlaşyldy, şeýle hem energetika özgertmeleri ulgamynda Türkmenistanyň wezipeleri beýan edildi.

Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň energetika ministri, Merkezi bankyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň we maliýe guramalarynyň wekilleri bar.

Ikinji sessiýa gatnaşyjylar gurluşyk, ulag, sanly tehnologiýalar we telekommunikasiýalar ulgamyna ähmiýet bermek bilen, täze infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ählumumy logistika ulgamlaryna işjeň goşulýandygy we deňiz, demir ýol, howa daşamalary we hemra aragatnaşygy infrastrukturalaryny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ulag-kommunikasiýa ulgamyna maýadarlary goldaýar. Şeýle hem täze taslamalar üçin çig mal binýadyny üpjün edýän Türkmenistanyň tebigy serişdeleriniň geologiki barlaglary temasy beýan edildi.

Çykyş edenleriň hatarynda – “Türkmengeologiýa”, “Türkmenhimiýa” DK-laryň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Fransiýa-Türkmenistan Söwda palatasynyň, Caspian Logistics Solutions kompaniýasynyň ýolbaşçylary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory we beýlekiler bar.

Soňra TEIF 2024 forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.

Şunlukda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň “Türkmen Forum” hem-de GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guran göçme maýa goýum forumy öz işini tamamlady.

Şu gün şeýle hem Türkmenistanyň energetika, himiýa, maliýe, gurluşyk we ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýokary ýolbaşçylary bilen öňden ylalaşylan duşuşyklar geçirildi.