25-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny belledi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.