25-nji aprelde geçirilenTürkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümlerine uly isleg bildirildi.
Owganystanyň, Maltanyň, BAE-niň, Germaniýanyň we Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen “B” kysymly karbamidi, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy, az kükürtli ýangyç mazudyny we “SN-180” kysymly binýatlyk ýagy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 3 168 000,00 manat we $53 500 000 bolan 9 geleşik baglaşyldy.