744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
29.04.2024
Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Myhman Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Raisi şu gezekki giň gerimli dabaralaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň hem bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň orny bellenildi.

Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle bolmagyna ýardam edýändigini nygtady.

Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi.