«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» ady bilen geçirilen çärä nebitgaz toplumynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem beýleki ulgamlaryň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat müdirliginiň bölüm başlygy, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdyllaýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Sylapow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň 1 derejeli hünärmeni Hajarbibi Handurdyýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işleýiş müdirliginiň baş hünärmeni Sona Kerimowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Zenanlar guramasynyň başlygy Güller Orazowa, Aşgabat şäherindäki 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa dagy öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladalary bilen maşgala mukaddeslikleriniň, jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň berk goralýandygy we netijeli wagyz-nesihat edilýändigi barada buýsanç bilen bellediler.