744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
30.04.2024
Türkmenistanyň wekiliýeti Omanda halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskatda geçirilen “Omanyň nebiti we energetikasy – 2024” Halkara sergisine we “Energiýanyň elýeterli, durnukly we netijeli çeşmeleri” maslahatyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda habar berdiler.

Türkmen wekiliýetiniň şular ýaly iri möçberli çärä gatnaşmagy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara gatnaşyklaryny ilerletmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmäge we olary tejribede ornaşdyrmaga bolan ymtylyşyny görkezýär.