Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde täze iki sany awtoulaglara ýangyç guýuş beketler açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada “Nebit-gaz” gazeti sişenbe güni habar berdi. Awtoulaglara ýangyç guýuş beketler “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy. Bu täze beketleri “Marygazgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary gurup, bellenilen möhletinde ulanmaga berdiler. Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen gatnajak awtoulaglary ýangyç bilen üpjün etmek üçin beketleriň her birinde ýangyç saklamaga niýetlenilen göwrümi 60 kub metrlik çanlaryň (metal gaplaryň) bäşisi gurnaldy. Awtomobillere ýangyç guýuş beketleriniň her biri taslama kuwwatlylygy boýunça gije-gündizde 750 sany awtoulaga hyzmat etmeklige niýetlenendir.
Çeşme: Biznes Türkmenistan