744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.05.2024
Nebitgaz toplumynda sport bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi

Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

Nebitgazçylaryň ýaşaýyş jaý toplumynyň sport desgalarynda geçirilen bäsleşiklerde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň merkezi edarasynda we önümçilik düzümlerinde zähmet çekýän erkeklerden we zenanlardan ybarat toparlar stoluň üstünde oýnalýan tennis, uly tennis, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek (16 kg agramlyk ölçegde), darts boýunça güýç synanyşdylar. 

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga berlen bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň biraýlygyny dabaralandyrmak,hormatly Prezidentimiziň Karary bilen yglan edilen 5-nji aprel — 5-nji maý aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly biraýlygyň çäklerinde sport bäsleşiklerini guramak, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksadynda geçirilen ýaryşlar diýseň gyzgalaňlylygy, şowhunlylygy, täsirliligi bilen tapawutlandy.

Şeýle sport çäreleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn nesli kemala getirmekde, nebitgaz toplumynyň işgärleriniň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagyny gazanmakda, türgenleriň ussatlygyny yzygiderli artdyrmakda, işgärleriň arasynda agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uludygyny bellemelidir. Ençeme gün dowam eden ýaryşlar nebitgaz toplumynyň agzybir işgärlerinde ruhubelentlik duýgusyny döredip, olary öňküden-de ysnyşdyrdy.

Guramaçylykly geçirilen ýaryşlaryň netijesi boýunça «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümlerinde zähmet çekýän ýaşlaryň onlarçasy sport taýýarlygynyň ýokarylygy bilen tapawutlandylar.

Bäsleşikleriň jemi boýunça ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary, gymmatbaha sowgatlar dabaraly gowşuryldy.