“Türkmengaz” döwlet konserni konserniň önümçilik desgalaryny merkezleşdirilen dessin-dispetçer dolandyryş we maglumat toplaýyş ulgamyny “açary gowşurmak” şerti bilen gurmak boýunça halkara bäsleşigiň deslapky saýlawyny yglan etdi. Bu barada bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.
Awtomatlaşdyrylan monitoring we gaz senagatynyň düzümlerini dolandyrmak ulgamynyň döredilmegi çözgütleri kabul etmegiň netijeliligini we dessinligini ýokarlandyrmaga, hem-de çig maly çykarmakdan başlap, ugratmaga çenli ähli tapgyrlaryň howpsuzlygyny artdyrmaga ýardam eder.
Kwalifikasiýadan öňki saýlawa gatnaşmak üçin arzalar 2-nji maýdan başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Şu ugurda iş tejribesi bolan kompaniýalar arza berip bilerler.